Aşgabadyň gün-günden ösýändigi hiç kim üçin täzelik däl. Paýtagtymyzdaky durmuş-medeni maksatly binalar toplumlary täsin inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen haýran galdyryp, şäheriň döwrebap binagärlik keşbini emele getirýär. Olarda döredilýän şertler halkara ülňülere, bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Şonuň üçin-de Aşgabat halkara derejeli syýasy we işewürlik merkezi, ýaşamak üçin amatly şäher hasaplanýar.
Öňler agyz dolduryp waspyny ýetiren desgalarymyza häzir şäherliler adaty zat hökmünde garaýarlar. Sebäbi döwrebap gurluşyk-binagärlik taslamalary dowamly durmuşa geçirilip gelinýär. Biri-birinden kaşaň binalardyr desgalar, giň gerimli gurluşyklar bu gün paýtagtyň durmuş kadasyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga ukyply desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda 136 sany iki gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk hem munuň şeýledigini görkezýär.