Törleriň bezegi

24 Aprel 2024
407

Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orna eýe bolan sallançak törleriň bezegi, öýleriň ýaraşygy hasaplanýar. Sallançaklaryň şekil taýdan nämä meňzedilip ýasalandygy baradaky gyzykly maglumatlar bolsa halkymyzyň ýagşy ynam-ygtykatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halk arasynda ýörgünli bolan gürrüňler, rowaýatlardyr tymsallar sallançagyň şekili hakyndaky pikirleri has-da baýlaşdyrýar.

Sallançagyň täze dogan Aýa meňzedilendigi baradaky pikirler hem ata-babalarymyzyň maňlaýa sylyp togap edýän mukaddeslikleriniň biri bolandygyndan gözbaş alýar. Täze doglan bäbejik, täze dogan Aý ýüze sylynyp togap edilipdir. Sallançaklar hem şeýle mukaddeslik derejesinde sarpalanypdyr.

Maýa ÄREKOWA,
Akdepe etrabyndaky 82-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.