«Çapak» tansy

21 Mart 2024
648

Garaşsyz Watanymyzyň welaýatlarynda giňden ýaýran, türkmen toý-baýramlarynyň aýrylmaz bölegi bolup gelen milli tanslarymyz dürli sebitlerde özboluşly ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna eýedir. Gündogar Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda giňden ýaýran «Çapak-karsak» ady bilen tanalýan «çapak» tansy-da, esasan, Saýat, Hojambaz etraplarynda, şeýle-de samarkantly türkmenlerde ýerine ýetirilýär. Ol «Çepbekeý», «Çemçe-kaşyk», «Hüşdeki», «Hekge-böküş», «Jamly oýun» ýaly birnäçe bölümlerden ybaratdyr.

«Çapak» tansy gelin-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Olar giň tegelegi emele getirip, merkezinde iki ýa-da birnäçe zenan ýaz guşlarynyň hereketini ýatladyp, ellerini bykynyna tutup, duran ýerlerinde ýuwaşja bökmek bilen tansyň ilkinji sazlaşykly hereketini edýärler. Soňra elleriniň aýasy bilen çapak çalýarlar. Deprekleriň ýuwaşjadan batlanýan sesi tansa aýratyn öwüşgin berýär. Tansçylaryň hereketleri gitdigiçe üýtgeýär, olar göýä asman giňişligindäki ganat ýaýýan guwlary ýadyňa salýar. Tansyň depgini kem-kemden peselip, ýaş tansçylaryň ornuna duýdansyz agaç çemçeden — kaşykdan owaz çykarýan ussat tansçylar öňe çykýarlar. Olaryň ellerindäki çemçeleriň owazy we tans hereketleri deprekleriň kakuwyna goşulyşyp gidýär. Tansyň iň gyzyşan wagty birnäçe zenan özleriniň däbe öwrülen «Haý, öleň» heňine başlaýarlar. Muňa «Kaşyk» tansy diýilýär.

Merdan AKYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.