Hol gün iňňe-sapak, ilik ýaly zatlary salyp goýýan gutymdan reňkleri öçüşip giden, ak-garaly nah sapakdan işilip, ýekeje gözmonjujak dakylan alaja çykdy...
«Monjugy ýitäýmesin» diýip, ýolnan alajany monjugyň daşyndan aýlap, düwüp goýanym ýadyma düşdi. Dogrusy, gaty kän zat ýadyma düşdi. Gözýaşlaryma erk edip bilmän oturyşyma, ejem janyň şu alajany işip, goşaryma dakyp oturan pursatlarynyň hyýalyna doldum.