«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024
Gadymy siwilizasiýanyň ojagy hasaplanýan türkmen döwleti dünýä halklarynyň arasynda ösen medeniýeti bilen tanalýar. Ýurdumyz gadymy medeni ýadygärliklere baý. Diýarymyzyň islendik künjeginde özboluşly aýratynlygy bilen jahankeşdeleri haýran galdyrýan şanly taryhymyza we milli medeniýetimize degişli ajaýyp ýadygärlikleri görmek bolýar. Olaryň her biri hakynda eýýäm ýyl ýazgylaryny ýöredijiler tarapyndan birnäçe maglumatlar we açyşlar edilipdir. Ýöne muňa garamazdan, biziň taryhymyz — Türkmenistanyň taryhy dogrusynda ýene küt-küt kitap ýazarlyk açylmadyk syrlar kändir.