Gök baglar görk berýär

19 Fewral 2024
938

Ykdysadyýetiň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen gol çeken Karary her birimizde uly şatlyk duýgusyny döretdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp, welaýatlaryň häkimliklerine-de edil şonça saýaly, pürli we miweli baglaryň, şeýle-de üzüm nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi öňden bar bolan gök zolaklaryň üstüni ýetirip, türkmen tebigatynyň has-da gözelleşmegine, ak bazarlaryň datly miweler bilen baýlaşmagyna getirer.

Ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, şäherleri we obalary tokaý zolaklaryna öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli işler munuň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralaryna halkymyz her ýyl agzybirlik bilen gatnaşýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra ilkinji gatnaşan çäresi hem ählihalk bag ekmek dabarasy boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz bu möhüm çäräniň ýazky möwsümine badalga beripdi. Milli Liderimiziň sogaply işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigi hemmämizi buýsandyrýar.

Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.