ÝURDUMYZDA SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ESASY UGURLARY

6 Fewral 2024
1580

Hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça ýurdumyz halkara derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin häzirki zamanyň ählumumy çagyryşlaryna ýurdumyzyň garaýyşlary we jogaplary suw boýunça syýasy gepleşikleriň we hereketleriň mehanizmi hökmünde Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Häzirki döwürde suwuň gymmaty Ýer ýüzünde yzygiderli artýar. Çünki islendik önümçilik işi suwy ulanmak bilen amala aşyrylýar. Şonuň üçin suw, ykdysadyýet, azyk howpsuzlygy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu babatda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» hem suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň düzüm bölegi hökmünde garaýandygy bellenilýär.

Allanur KADYROW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.