Ekologiýa abadançylygy — durmuşyň talaby

24 Ýanwar 2024
1164

Adamzat durmuşyny, ýaşaýşyny tebigatsyz göz öňüne getirmek asla mümkin bolmasa gerek. Çünki ynsan ömrüniň tutuş döwri tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykda bolupdyr. Halkymyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň bilen sazlaşykda ýaşamak asylly ýörelgä öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda kabul edilýän maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde amala aşyrylýan işlere bu günki gün Watanymyzyň bagtyýar raýatlary işjeň gatnaşýarlar.

Daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty arassa saklamak hem-de ekologiýa terbiýesi bilen baglanyşykly nakyllar halkymyzyň aňynda, durmuşynda berk ornaşyp galypdyr. Munuň şeýledigine «Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar», «Daragt ek, darykmarsyň», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly nakyllaryň üsti bilen hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyz gadymdan agaç ekmek, bag ýetişdirmek işlerine aýratyn ähmiýet beripdirler. Baglar zeminiň görki, olar ynsanyň sagdyn ýaşamagy, arassa howadan dem almagy üçin wajyp bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Daragtlaryň biziň süňňümize we sagdynlygymyza ýetirýän täsiri uly. Ol hem maddy, hem ruhy taýdan ähmiýetlidir. Käbir daragtlar bize täsirli we jadyly güýji bagyş edýär diýsek öte geçmeris. Bir daragta gözümiz düşse, ýüregimize ýakyn we ýakymly kimdir birine duşan ýaly begenýäris. Olaryň ruhy dünýämize salýan giňligi, çaýýan öwüşgini hem tükeniksiz» diýlip bellenip geçilýär. Şeýle ajaýyp setirlerden görnüşi ýaly, bag ekmek we onuň saýasynda saýalamak ynsana üýtgeşik bir duýgyny bagyş etmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge hem mümkinçilik berýär.

Halmyrat NURYÝEW,
Şabat etrap ýuridik maslahathanasynyň müdiri, adwokat.