Geçen ýylyň soňky aýlarynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny göge uçurdy. Çünki milli aýdym-saz sungatymyz atçylyk sungaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
«Bedew» diýlende, ilki bilen «Görogly» şadessanynda Gyratyna atlanan, bir elinde dutary, bir elinde gylyjy bolan Görogly göz öňüňde biygtyýar janlanýar.