Kesbi nesillere ýörelge

10 Ýanwar 2024
702

Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri senetçiligiň, hünärmentçiligiň ösmegine mynasyp goşant goşupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda senetçiligiň döwrebap öwüşginler bilen baýlaşmagy we dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde geçiren «Asyrlara görelde — nesillere ýörelge» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Hojambaz etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Haltäç Rahymow agaç ussaçylygy boýunça ýeňiji boldy. Ol birnäçe ýyldan bäri halkymyzyň milli senetçilik däplerini dowam edip, ussaçylyk bilen meşgullanyp gelýär. Onuň ýasaýan agaç önümleriniň arasynda at eýerleri we agaç okaralar aýratyn orny tutýar.

Ol 1996-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tamamlap, orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlaýar. Işiniň gapdalyndan özüniň ýaşlykdan öwrenen ussaçylyk kärini dowam edýär.

Mahym ROZYÝEWA,
ýörite habarçymyz.