TOÝA BESLÄN HÜNÄRIM

28 Dekabr 2023
834

Öý şertlerinde el hünäriniň dürli görnüşlerini ýola goýan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Aýjemal Öwezmyradowa bilen bolan gürrüňdeşligimiz türkmen zenanlarynyň el işlerine ähli yhlas-başarnygyny, zehinini we mährini siňdirýänliginiň mysalydyr. «Bikärden Taňry-da bizar» diýilýär. Wagta sarpa goýýan, her gününi ykbalyň peşgeşi hasaplaýan bu gelniň öz edýän işleri barada uly hyjuw, çäksiz buýsanç bilen berýän gürrüňleri göwnüňi göterýär. «Bu işe uýalarym Ogulgerek, Näzli, Aýjahan, ejem Soltan we onuň jorasy Gülnar dagy hem uly höwes bilen goşuldylar. Olaryň kömegi bilen ýüňden saçak dokamagy, olary elde bezemegi, alajalaryň dürli görnüşlerini örmegi, gelin-gyzlarymyzyň toý lybaslaryny owadan gaşlar, hünjüler, monjuklar, el keşdeleri, nagyşlar bilen bezemegi ýola goýduk. Her güni toý-baýrama beslenýän ajaýyp ýurdumyzda biri-birinden owadan baýramçylyklarymyz bar. Biz her baýramçylygyň öz manysyna görä-de dürli-dürli sowgatlyklary ýasaýarys. Ynha, bu günler bolsa hemmelere şatlyk paýlaýan Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda çagalara sowgat paýlaýan Aýazbabanyň sowgatlyk haltajyklaryny tikýäris. Täze ýyl arçalarymyzy bezemek üçin dürli oýunjaklaryň şekillerini ýasaýarys».

«Zenan kalby».