Änew — şöhratly geçmişiň, geljegiň nury

26 Dekabr 2023
1028

Uly üstünliklere beslenip, tamamlanyp barýan ýylymyzda ata Watanymyza şan getiren, pederleriň ýoluna ygrarly halkymyzy guwandyran, hyjuwlandyran wakalar kän boldy. Şol buýsançly wakalaryň biri Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinden Türki döwletleriniň medeni paýtagtynyň göçme nyşanynyň getirilmegidir. Şeýle-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde «2024-nji ýylda Änew Türki dünýäniň medeni paýtagty» ady bilen dabaraly maslahatyň geçirilmegidir.

Änew şäheri türkmen topragyny ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä äşgär eden medeni ojakdyr. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda, ýagny 120 ýyl mundan ozal, amerikan geology we arheology Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky topar ikinji ekspedisiýasyny gurap, gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. Olar çig kerpiç bölekleriniň ýüzünde däneli ekinleriň, kömür ýaly garalyp galan bugdaý dänejikleriniň, olaryň gylçyklarynyň we gabyklarynyň üstünden barýarlar. Alym özüniň «Meniň ýatlamalarym» atly terjimehal görnüşli kitabynda ylmy taýdan delillendirip, Änewi ak bugdaýyň dörän ýeri hökmünde görkezýär. Onuň bu açyşyny ХIХ asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Annagylyç Mätäjiniň «Ekip kemala getiren, // Kimdir seni başdan, bugdaý?» diýen şahyrana setirlerine ylmy taýdan esaslandyryp beren jogaby diýsek-de ýalňyşdygymyz bolmasa gerek.

Täzegül ÖWEZOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.