Türkmenistan — dünýä medeniýetiniň gadymy ojagy

21 Dekabr 2023
958

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Eziz Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, her bir raýatyň kalbynda milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Eziz Watanymyz dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biri bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda uly ähmiýetli öwrülişikleriň bolup geçen merkezleriniň biridir. Bulary ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň mysalynda has aýdyň görmek bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapmak bilen, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr.

Aman NURYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.