Wepadar dostuny hemdemi saýan

21 Dekabr 2023
1038

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginde ýaşaýan Şaguly Taganlyýew köp ýyllar bäri türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirýän, olary aýawly idedip, sanyny köpeltmekde göreldeli işleri bilen adygan halypa itşynaslaryň biri. Bu asylly iş altmyş ýyldan gowrak wagt bäri onuň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şaguly aga şu mahala deňiç ýetişdiren alabaý itleriniň ählisiniň atlaryny bir-bir sanaýar, hersiniň häsiýeti, durmuşynda galdyran täsirli pursatlary barada hem emgenmän aýdyp berýär.

Ussat itşynas bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň binalar toplumynyň öňünde duşuşmak, tanyşlyk açyp, gürrüňdeş bolmak nesip etdi. Ol bar ünsüni bir ýere jemläp, bu toplumyň her bir binasyny guwançly synlaýardy.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).