Paryzdepe Änew medeniýetiniň döwründe

20 Dekabr 2023
1130

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan gazuw-agtaryş hem-de ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2016-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň günorta-gündogar çägini jähekläp oturan, Köpetdagyň etegindäki ýaýlada ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligine baryp görüpdi. Şonda Milli Liderimiz gadymy şäheriň galyndylaryny synlap, bu toprakda iri şäherleriň, belent binalaryň gurlandygyny nygtapdy. Ýurdumyzda Paryzdepe ýaly taryhy ýadygärlikleriň başga-da ençemesiniň bolup, olary düýpli öwrenmegiň hem-de giňden ýaýmagyň möhümdigine üns çekipdi. Şondan bäri hem bu ýerde gazuw-agtaryş işleri yzygiderli geçirilip, gymmatly tapyndylar ýüze çykarylýar.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň gadymy we orta asyr taryhy bölüminiň ylmy işgäri.