Ýadygärlikler — syrlar hazynasy

14 Dekabr 2023
862

Geçmişde dünýä halklarynyň ençemesiniň medeniýetine, sungatyna, umuman, taryhy ösüşine uly goşant goşan ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatlyklary barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, milli aýratynlyklarymyza mahsus bolan edim-gylymlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen bir hatarda taryhy ýadygärliklerimiz dogrusynda hem söz açmalydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndaky: «Türkmenler ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň — umumy ynsan ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýar. Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir» diýen jümlelerini seriňde aýlanyňda, pederlerimiziň asyrlaryň gatlarynda goýup giden yzlary baradaky söhbetleriň şu günki nesil üçin näderejede wajypdygyna göz ýetirýärsiň. Çünki geçmiş — syrdan doly hazyna. Onuň her bir ownuk bölegini gözläp tapyp, öwrenip, dünýä ýaýmak bolsa şu günki nesilleriň borjy bolup durýar.

Her bir menzilinde geçmişiň syrlaryny saklap oturan galalar, kümmetler... ýerleşýän ýurdy tapaýmagyň aňsat däldigini syýahatçylar, taryhçylar, arheologlar geçen asyrlarda hem aýdypdyrlar. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurt, halkara derejesinde şeýle uly üns berilmegi taryhy gymmatlyklarymyzyň ömrüniň has uzalmagynyň kepili bolup durýar. Şeýle aladalaryň netijesinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky azym-azym şäherler, ol ýerlerde ýaşap, döredip giden ägirtler bilen baglanyşykly uly-uly işler edildi. Ol tutumlaryň geljekde has-da giň gerim aljakdygy şübhesizdir.

Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy.