Ojaklaryň ýaraşygy, törleriň gelşigi

13 Dekabr 2023
773

Zeminiň görki bolan zenanlaryň dünýäsinde diňe mähribanlyk bar. Muňa biz mährem enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň edep-ekramynyň, yssy mähriniň, söýgüsiniň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Durmuş zenanlar bilen gözelleşýär. Zenanlaryň keýerjekläp duran dag jerenlerine, burk urýan al-elwan güllere, bagdaky al ýaňak almalara... deňelmegi olaryň gözelligiň nusgasydygyny subut edýär. Asylly terbiýesi bilen utgaşyp gidýän işjanlylygy, maşgala wepadarlygy zenanlarymyzy bezeýär. Türkmen zenany diýlende, asyllylyk, gözellik, zähmetsöýerlik, eli işlilik ýaly düşünjeler seriňe dolýar.

Türkmen zenanynyň el hünäri oňa şan-şöhrat eçilýär. Has dogrusy, onuň mähri siňen, çeper ellerinden çykan halylardyr palaslar, näzik barmaklary bilen nagyşlanan kürtelerdir çabytlar, ýakalardyr beýleki el işleri dünýä ýüzünde türkmen zenanynyň mertebesini has-da beýgeldip gelýär. Türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we dünýäde dabaralanmagy muňa mysaldyr.

Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,
«Balkan».