Şükür bagşynyň dutary

7 Dekabr 2023
850

Suratda synlaýan dutaryňyz Şükür bagşynyň hut öz elleri bilen saz çalan dutary. Onuň özboluşly taryhy bar. Meşhur filmde Gulam bagşynyň keşbini janlandyran Hojam Öwezgelenow Şükür bagşynyň şägirdi eken. Halypa şägirdine göwni ýetip, öz çalýan dutaryny oňa beripdir. «Şükür bagşy» filmi uly abraýa eýe bolandan soň, Hojam aga «halypamyň ruhuny dikeltdiň» diýip, halypasynyň özüne beren dutaryny sowgat hökmünde filmiň režissýory Bulat Mansurowa gowşurýar. Soň bir gezek Bulat Mansurow Aşgabada gelende, dutary hem ýany bilen getirip, «Dutar Watan diýip aglaýar, ol bärde galsyn» diýip, ony filmde bile işleşen ýoldaşyna — Hojaguly Narlyýewe beripdir. Şondan on ýyl dagy geçensoň bolsa, Narlyýewler: «Sen Hojam agadan az hem bolsa tälim aldyň, filmlerde saz bilen bagly ýerlerde kömek edýärdiň, şonuň üçin dutar sende dursun, sen eýe çyk!» diýip, Şükür bagşynyň bu dutaryny görnükli sungat işgäri Bilbil Mämmedowa gowşurýarlar.

Meretmämmet HANMÄMMEDOW.
«ARKADAG».