Ýagşyny ýatlamak — parz

6 Dekabr 2023
813

Topraga bagry badaşan şahyr

Geçen asyryň ikinji ýarymynda türkmen edebiýatyna zehinli, özboluşly döredijiligi bilen okyjylar köpçüligine özüni tanadan dörediji ýaşlaryň uly topary gelip gowşuldy. Şol talantly ýaş şahyrlaryň arasynda Mollanepes adyndaky edebiýat baýragynyň eýesi Italmaz Akmyradow hem bardy. Italmaz Akmyradowyň döredijilik meýdanynda hiç kimiňkä meňzemeýän öz garaýşy, ajaýyp dünýäsi bardy. Onuň ýazan goşgulary many-mazmuna çuňdy, dürli meňzetmelere, pikirlere baýdy. Şahyr “Watan” şygrynda Watanyň mydama juwanlygyna, owadanlygyna, ösüp-özgerýänligine, ebediligine ýüreginden buýsanýardy.