Unudylmajak pursatlar

5 Dekabr 2023
844

«Ýaşlyk» žurnalynyň redaksiýasynda ýaş şahyrlaryň döredijilik birleşmesi geçirilende, halypa şahyr Kerim Gurbannepesow bir ýaş şahyryň goşgusyny barlamak üçin galam tapman kösendi. Oňa ýerli-ýerden ruçka hödürlediler. Şonda ol: «Men hiç mahal goşga ruçka bilen bellik edemok» diýdi-de, ahyry ýalpyldap duran mele papkasynyň bir burçundan tapan galamyny çykaryp, öňündäki goşgynyň käbir ýerine bellik edişdirdi. Soňra bolsa:

— Galam bilen edilen belligi aňsatja pozup bolýar. Ruçka bilen edilen bellik bolsa, käte kalba düşen tegmil ýaly bolup ýatda galýar. Bu — bir. Ikinjiden-de, heniz peri gürelmedik ýaş şahyr, köplenç, öz pikirine dolanyp gelýär. Şonuň üçin, eger ylalaşmasa, ýaş şahyra galam yzlaryny öçürmäge puryja berýän.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.