Milli mirasymyzyň şöhraty jahana dolýar

30 Noýabr 2023
972

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onuň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bitarap Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we öwrenmek, dünýäde giňden wagyz etmek, her bir raýatyň kalbynda milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ata-babalarymyz milli medeniýeti kemala getirip, ösdürip-kämilleşdirip, asyrlardan aman aşyryp, şu günki nesillerimize ýetiripdir. Häzirki wagtda milli medeniýetimiz, sungatymyz asyl köklerimize daýanmak arkaly barha kämilleşdirilýär. 

Serdar MÄMMETHANOW,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.