Kitap — ruhy hazyna

26 Noýabr 2023
1037

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz paýhas gory bolan kitaba, paýhaslar hazynasy kitaphana uly ähmiýet berýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly eserini okanyňda aýdyň duýmak bolýar. Çünki pederlerinden geçen okumyşlyk, kitaba bolan söýgi Milli Liderimiziň eserlerinde aýdyň görünýär.

Taryhy çeşmelerde ylma sarpa goýýan käbir adamlaryň gowy kitaplary toplap, öz öýünde kitaphana döredendikleri, ylym öwrenmek isleýän islendik adam üçin şahsy kitaphanasynyň gapylaryny giňden açandyklary hakynda-da maglumatlar duş gelýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň dürli ýerlerinde taryhy ýadygärlikleri, gadymy kitaphanalaryň yzlaryny görmek bolýar. Bu ata-babalarymyzyň kitaba, ylym-bilime belent sarpa goýandyklaryny aňladýar. Aslynda kitap hakynda ençeme nakyllar hem döredilipdir. Bu nakyllar halkymyzyň nesil terbiýesinde kitaba uly orun berendigini subut edýär.

Ogulsere AGALYÝEWA,
Kerki etrabyndaky daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.