Ýürek mährim — alajam

25 Noýabr 2023
995

Geçen günleriň birinde öz işdeşlerimiz bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine bardyk. Şonda muzeýiň içindäki gadymy mirasymyzy janlandyrýan milliliklerimize buýsanç bilen seredip, täsinliklere ser salyp duran pursadymda türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň nepislik bilen ören alajasynda gözüm eglendi. Şol pursat alajanyň nepis örülenini görüp, gözlerimi ondan aýryp bilmän seredip durşuma, çagalyk ýyllarym, enemli günlerim ýadyma düşdi.

Ol wagtlar men on-on iki ýaşlaryndaky gulpaklyja gyzjagazdym. Mekdepde zähmet sapagynda okuwçy gyzjagazlara el işleri öwredilýän bolsa, oglanjyklara ussaçylyk bilen baglanyşykly hünärler öwredilýärdi. Şonda mugallym gyzjagazlaryň hersinden öýlerinde eneleriniň, ejeleriniň, uýalarynyň nähili el iş bilen meşgullanýandygyny sorady. Men pikirlenmän: «Mugallym, meniň enem alaja örýär, onda-da şeýle bir owadan edip örýär. Toýa gitse-de, öz ören alajalaryndan sowgatlyk alyp gidýär. Maňa-da owadan alaja örüp berdi» diýip, ýüregimi buýsançdan dolduryp, enemiň örýän owadan alajalary hakynda gürrüň berdim. Şonda mugallym meni haýran galyp diňläpdi. Garaz, şeýdip, ilkinji zähmet sapagymyz sorag-jogap alyşmak, el işlerini öwrenmek bilen geçdi. Okuwdan soň öýe gelşime, enemiň ýanyna baryp: «Ene, aý, ene, biz bu gün zähmet sapagyny geçdik. Şonda mugallym bize el işini öwrenmek hakynda gyzykly zatlary gürrüň berdi. Men bolsam mugallyma seniň owadan alaja örýändigiňi aýtdym. Ene, maňa alaja örmegi öwredermiň» diýenimde, enem: «Tüweleme, meniň gyzym ulugyz bolaýypdyr. Berekella, balam, elbetde, öwrederin» diýip, maňa buýsanç bilen ýylgyrdy. Şondan soň enem alajanyň örülişiniň inçe syrlaryny öwretdi hem-de örüp görkezdi. Indiki zähmet sapagyna çenli alaja örmegi öwrendim. Mugallym muňa diýseň begendi. Soňra enemden alajanyň başga-da birnäçe görnüşlerini örmegi öwrendim.

Jeren GELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy, Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy.