Türkiýe — gadymyýetiň şaýady

23 Noýabr 2023
714

Türkiýe Respublikasynyň çäginde dünýä taryhynyň dürli döwürleriniň şaýady bolan binalardyr ýadygärlikler kän. Olaryň käbirleriniň taryhy müňýyllyklara uzap gidýär.

Göbekli depe. Türkiýäniň günorta-günbatarynda ýerleşýän bu taryhy ýadygärlik dünýä ýüzünde belli bolan ybadathanalar toplumlarynyň iň gadymysy hasaplanylýar. Ol, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 10-9-njy müňýyllyklarda gurlupdyr. Ýüzüne guşlaryň, dürli jandarlaryň şekili çekilen ýigrimiden gowrak togalak görnüşli, T şekilli sütünlerden ybarat bolan ybadathana nämüçindir biziň eýýamymyzdan öňki 8-nji müňýyllykda tutuşlygyna gömlüpdir.

Taýýarlan Sylapberdi NURGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Okuw bölüminiň esasy hünärmeni.