Türkmeniň wepadar alabaýlary

23 Noýabr 2023
684

Merjen şäherimiz Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň nyşanynyň merkezinde kuraş bilen meşgullanýan türgeniň şekiliniň türkmen alabaýynyň keşbinde suratlandyrylmagy — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  gaýtalanmajak sungat derejesine ýetirilen milli senetlerimiziň dünýädäki şöhratyny dabaralandyrýar.

Ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň dünýä giňişliginde beýik ykrarnama eýe bolmagy biziň başymyzy göge ýetirýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň şöhratyna şan goşdy. Halkymyzyň «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de häzirki wagtda Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň we  seýislemegiň medeniýetini hem-de türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny şol sanawa girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna goýýan uly sarpasyndan nyşandyr. 

Ogulbibi TUWAKBAÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň esasy hünärmeni.