Gadymdan galan miras

15 Oktýabr 2023
667

Ata-babalarymyz milli mirasymyza çäksiz hormat goýmak bilen, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny aýap saklap, ýaş nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Milli mirasymyzyň bir bölegini düzýän agaç ussaçylyk senetçiligi bilen halkymyz irki döwürlerden bäri meşgullanypdyr.

Ussat agaç ussalarymyz hojalykda ulanylýan ähli zatlaryny öz güneşli topragymyzda bitýän güjüm, söwüt, tut, erik, dagdan ýaly agaçlardan ýasapdyrlar. Olar kersen, çemçe, susak, okara, gülli sandyklary, at arabalaryny, at eýerlerini, guýynyň çarhyny, ikleri, suw çelekleri, alaja örülýän gurallary, aýakgaplaryň galybyny, öýüň uklaryny, tärimlerini, gapylary, gyrkylyk salynýan gowdulary we beýlekileri ýasamagyň ezberlik bilen hötdesinden gelipdirler. Agaçlardan ýasalan bu esbapdyr gurallar özüniň berkligi bilen tapawutlanypdyr.

Nurgözel Orazowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.