Alaja

11 Oktýabr 2023
629

Zenanlarymyz el hünäriniň inçe hem-de nepis görnüşleri bolan alaja örmekde, jähek çalmakda, aldymgaç kakmakda örän başarjaňlygy bilen tanalýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Ogulabat ejemiziň dokan alajasyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmagy ene-mamalarymyzyň döreden senedine bolan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Ene-mamalarymyz gadymy döwürlerden bäri dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýarlanylýan jähekdir aldymgaç ýüpleri bilen milli lybaslarymyzyň gyrasyny bezäpdirler, işilen alajalary dürlüçe oturdypdyrlar. Alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýlip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr.

Bazargül EMINOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.