Her oba­nyň wä­şi­si bar

10 Oktýabr 2023
743

Türkmen şahandaz, degişmegi, gülüşmegi gowy görýän halk. Türkmenler durmuşyň iň bir kynçylykly döwürlerinde hem gülki bilen ýaşamagy, şeýdibem kalba aram bermegi başarypdyrlar. Toýdur meýlislerde, adamlaryň üýşen ýerlerinde gülküli henek aýdyşmak türkmen halky üçin edil bagşy aýtdyrmak, birine kitap okadyp diňlemek ýaly adata öwrülen ýagdaý. Atly, eşekli, pyýada üýşülip bir ýere gidilende, şundan bir zat çyksa gerek diýilýäne ýüzlenilip, «Pylany aga, ýol kes!» diýilýändir. Onsoň olam adamlaryň ünsüni çekäýjek gyzykly bir zady gürrüň berer. Ýogsamam henek aýdar.

Türkmen halkynyň arasynda meşhur bolan «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy bir zady ýadyma saldy. Dogrudanam, şorta sözleri, degişmeleri adamlaryň arasynda gürrüň edip, köpçülige hezil bermek bizde sungat derejesine ýeten zatlaryň biri. Şonda Ependiniň şorta sözlerine aýratyn uly orun degişli bolup durýar .

Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, mirasgär.