MAGTYMGULY PYRAGY: MILLI TERBIÝE WE ÝAŞLAR

4 Oktýabr 2023
901

Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaşlaryň dilinde we ýüreginde ýaşaýar. Şahyryň goşgulary türkmen halkyna iň çylşyrymly ýylla r da, şöhratly we ýeňişli günlerde-de ruhy taýdan goldaw beripdir.

Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran köp sanly şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary hakydalarda baky ýaşaýar. Şeýle ägirt zehinleriň biride eserleri dünýä medeni mirasynyň genji hazynasyna giren Magtymguly Pyragydyr. Ýüz ýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy teşneligini ajaýyp we sagdyn pikirleri bilen gandyryp, ruhy lezzet berýän Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen pelsepesini mazmun taýdan baýlaşdyrdy. Akyldar şahyryň edebi mirasy köp öwüşginli bolup, onda şöhlelenmedik mesele az bolsa gerek. Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy bilmek adamyň bilim sowatlylygynyň, watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz beýik şahyryň edebi mirasynyň biziň üçin özboluşly terbiýe mekdebidigini bellemek bilen, akyldaryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda birnäçe asyrlaryň dowamynda nesilleriň terbiýelenip gelnendigini yzygiderli nygtaýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhy ýolunda egsilmez genji hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilim mirasyny, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, eneata, jemgyýete, dünýä, durmuşa bolan beýik söýgä ýugrulan milli terbiýe mekdebini döredipdir» diýip belleýär. Akyldar şahyryň şygyrlary gün geçdigiçe ynsan durmuşynda özüniň ähmiýetini barha berkidýär. Şahyryň ýaşlarymyza ýüzlenen setirleriniň käbirlerine ser salalyň! «Daň atmazdan burun» atly şygrynda:

Rahim HOJAMYRADOW
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alym kätibi