Şöhratly taryhyň öçmejek ýaňy

4 Oktýabr 2023
561

Umman ýaly giň manyly şygyrlary bilen meşhur bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gadam basan ýerlerinde bolmak, zähmet çekmek biz üçin uly bagtdyr. Etrabymyzda dana şahyrymyzyň bilim alan ojaklarynyň biri bolan Idris baba medresesi ýerleşýär.

Bu ýer iň gelim-gidimli ýerleriň biri. Medresäniň öňündäki 300 ýyl töweregi ýaşan goja tut agajy hem ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň şu medresede okan döwürlerinde ekilipdir. Ony medresäniň hatdady Nyýazguly halypa ekipdir diýýärler. XVII asyra degişli bolan ýokarsy gümmezli, bişen gyzyl kerpiçden bina edilip, beýikligi 7-8 metr bolan Idris baba medresesinde bolanyňda, üýtgeşik duýgular kalbyňa dolýar.

Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.