«Başy tylladan egmeli»

30 Awgust 2023
836

Nusgawy türkmen şahyry Magrupynyň «Kanda bolar» atly goşgusyndan alnan bu setirde türkmen gözelleri ýokary çeperçilik derejesinde wasp edilýär. Bu ýerde gürrüň türkmen gyzlarynyň başgaby we onuň bezegi bolan tylladan ýasalan egme barada barýar. Egme ýurdumyzyň käbir ýerlerinde zenanlaryň börüginiň öňüne dakylýan tutuş uly şaýdyr. Şeýle bezeg şaýlary diňe onuň bilen hem çäklenmeýär. Halkymyz gadymy döwürlerden başlap, perzentlerini eý görüşleri ýaly, olary owadan şaý-sepler bilen hem bezäpdirler. Bu meselä gyzlar babatynda 9-12 ýaşlarynda has ýakyndan üns berlipdir. Gyz maşgalalaryň bezeg şaýlarynyň arasynda tahýalaryň we börükleriň depelerine dakylýan gupbalar aýratyn orunda durýar. Aşagy güberçek, ýokary çürelip gidýän şelpeli kümüş şaýy gyzlaryň owadan başgaplaryna bezeg berýär. Türkmen topragyna XVIII-XIX asyrlarda gelen daşary ýurtlular şol gupbalara dürli guşlaryň ýelekleriniň berkidilendigini belläpdirler. Munuň üçin hüwiniň ýa-da baýguşuň ýeleklerini ulanypdyrlar. Amyderýanyň orta akymynda ýaşaýan türkmen gyzlarynyň tahýalaryna bolsa laçynyň ýeleklerini berkitmek ýörgünli bolupdyr. Eger gyzyň tahýasynda ýelek ýok bolsa, onda oňa gudaçylygyga barlyp, söz aýdylandygyny aňladypdyr. Adatça, tahýalaryň ähli ýerine bezeg şaýlary, aşaklygyna bolsa owadan şelpeler dakylypdyr. Olar başgaplara özboluşly bezeg berip, gyzlaryň gözelligine gözellik goşupdyr.

Türkmen zenanlarynyň başgaplarynyň bezeg şaýlarynyň arasynda şelpeli sümsüleler hem bolup, olar ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilipdir. Bularyň ählisi halkymyzyň irki döwürlerden başlap zenanlara belent sarpa goýandygyndan, olaryň mertebesini belent tutandygyndan habar berýär.

Şirin ATADŽANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň IV ýyl talyby.