Ynsan gylykly, uz basyşly

9 Awgust 2023
480

Türkmen toýlarynda ýörite serenjam berlen bezemen atlar ýaryşa goýberilýär. Olar çapyşygyň dabarasyny dag aşyryp, toýy toýa meňzedýärler. Çarpaýa galyp, ýyldyrym ýaly süýnüp barýan bedewler kişňände, ýürekler heýjana gelýär.

Agyzdyrygyny çeýnäp, karar tapman, iki tarapa çyrpynýan bedew owadan we uz, çeýeden gelen batyrgaý hereketleri bilen göreni haýran galdyrýar. Bedewiň bu okgunly hereketleri, hakykatdan hem, dolup hem daşyp, dyngysyz köwlenip akýan mele suwly Jeýhuny ýatladýar.

Mahym KARAŞEWA,
Saýat etabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň kitaphanaçysy.