Şirin diliň tarypy

9 Awgust 2023
546

Orta asyrlarda owaza baý pars dili — şygryýetiň dili, öwrümlere baý arap dili bolsa, ylym dili hasaplanypdyr. Şol döwrüň şahyrlary pars dilinde şygyr ýazypdyrlar, arap dilinde ylmy işleri döredipdirler. Baýlar, begler, hanlar, şalar, soltanlar öz ene dilinden daşary pars hem arap dillerini bilmegi sahyplyk hasap edipdirler. Türkmen hökümdarlarynyň ogullary atabegleriň ellerinde terbiýelenipdirler. Atabegler çagalara türkmen dilinden başga ýedi dili öwredipdirler. Ýöne meşhur Nowaýy türki diliň hem çeperçilik serişdelerine baýdygyny, şahyrana owazlydygyny subut eden ägirtdir.Edebi çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Abdyrahman Jamy bir gün Alyşir Nowaýyny diňläp: «Tüweleme, sen türki diliniňem arap-pars dilinden pes däldigini subut etdiň, öz dilinden ýüz öwrüp, gaýry dilde ýazanlaryň agzyny mumladyň, şygryýet äleminde täze bir heň döretdiň, owaz ýaratdyň!» diýipdir. Şol gün üýşüp, oňa Nowaýy lakamyny beripdirler. «Nowa» sözi pars dilinde äheň, owaz diýen manylary aňladýar. Onuň bir goşgusynda arap diline, hem pars diline hormat goýulýar, olaryň sypaty, syraty taryp edilýär. Üçünji, dördünji setirlerinde bolsa, türki diliniň hem şol dillerden bigörk däldigi, belki, has owadandygy beýan edilýär.

Nowaýy goşguda arap diliniň sypatyny serwi agajyna meňzedýär. Yz ýanyndan pars dili hem edil arap dili ýaly kaddy-kamaty ýerindäki, ajaýyp bir gözeldir diýýär. Goşgynyň üçünji, dördünji setirinde: «Bu türki sözlesem boýuň, çemende sebzezar olsun» diýip, arap, pars dili giden bir çemenzarlyk bolsa, türki dili hem şol çemenzarlygyň içinde ýaşyl öwsüp görünýän maýsalykdyr diýýär.

Mähriban ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.