Maslahat geçirildi

8 Awgust 2023
719

7-nji awgustda Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi, halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa ýakynda agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Soňra halypamyz agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, bu mukaddes ojakda saklanýan gymmatlyklar bilen tanyşdy. Ussat halypanyň täze ýüwürdilen halynyň başyna geçip, alaja nagşyny çitip, darak kakmagy türkmen zenanlarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Maslahatda edilen çykyşlarda şular dogrusynda, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň el hünäriniň ösdürilmegine bagyşlan manyly ömrüniň ýaşlar üçin görelde mekdebidigi barada giňden gürrüň edildi.

«Zenan kalby».