Millilige sarpa

3 Awgust 2023
605

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi ýene-de bir ajaýyp gymmatlyk bilen baýlaşdyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  maşgalasy – halypamyz  Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyjaklary bilen  Ogulabat ejäniň  ören alajasyny  alaja agajy bilen bilelikde Döwlet muzeýine gowşurdy. Ýatdan çykmajak dabara gatnaşanlar, muzeýiň işgärleri gymmatlygy alna sylyp, guwanç bilen kabul etdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal  Durdyýewa halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa  şeýle derejeli gymmatlyk  üçin türkmen zenanlarynyň adyndan  sagbolsunlaryny  ýetirdi. Soňra hormatly  halypa halyçy  öz agtyjaklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, bu mukaddes ojakda saklanýan gymmatlyklar bilen tanyşdy.  Hormatly myhman agtyklary bilen  muzeýde  täze ýüwürdilen  halynyň başyna geçip, alaja nagşyny çitip, darak  kakdylar.

«Zenan kalby».