Alym Arkadagymyzyň eserlerinde — Magtymguly

3 Awgust 2023
542

Şygryýet äleminiň ägirdi, türkmen halkynyň beýik şahyry, Magtymguly Pyragy özüniň umman ýaly çuň paýhasy we giň dünýägaraýşy bilen tutuş adamzat jemgyýetçiliginde mynasyp baha eýe bolan şahyrdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň ajaýyp eserlerinde şygryýet äleminiň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenip, «Akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassaçylygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» eserinde we «Döwlet guşy» romanynda Magtymguly Pyragynyň täsiri has-da ýiti duýulýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» eseriniň adynyň Magtymguly Pyragynyň «Atamyň», «Döwlet guşy» romanynyň adynyň bolsa «Ýör biläni» goşgusyndan alnan setirlerdigini, eserleriň epigraflarydyr bölümleriniň atlarynyň hem beýik Magtymgulynyň diwanlaryndaky setirlere degişlidigini bellemek hökmanydyr. Muňa mysal hökmünde, «Tälim beren ussadyňdan aýrylma», «Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar» ýa-da «Ozal akan ýerden akarmyş aryk», «Ýeldim tut!» we şuňa meňzeş setirleri ýatlamak bolar.

Maýa AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.