Köpeltmek jedweliniň döreýiş taryhy

2 Awgust 2023
550

Matematiki amallarda giňden peýdalanylýan köpeltmek jedweli öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Gadymy Müsürde has irki döwürlerde köpeltmek hasaby ulanylyp başlanypdyr. Müsürliler gaýtadan goşmak ýa-da yzygiderli iki esse artdyrmak arkaly köpeltmegi ýerine ýetiripdirler. Wawilonda sanlar köpeldilende, ýörite jedwelden peýdalanypdyrlar.

Gadymy Hindistanda sanlary köpeltmegiň dürli usullary ulanylypdyr. Bu usullar häzirki döwürdäki köpeltmek hasaplaryna örän ýakyndyr. Hindiler sanlary köpeltmekde ýokarky hatarlaryndan başlap, amaly ýerine ýetiripdirler. Şol bir wagtyň özünde indiki amallar ýerine ýetirilýän wagtynda çalşylmaly sanlary bozup, onuň deregine köpeldilende, ýadynda saklaýan belgini goşupdyrlar. Şeýlelik bilen Hindistanyň matematikleri gysga köpeltmek hasaplamalary ýerine ýetirip, köpeltmek hasabyny ýazypdyrlar. Araplar köpeltmek usulyny hindilerden öwrenip, ony has kämilleşdiripdirler. Emma araplar sanlary bozman, olary kesipdirler we kesilenleriň üstünden täze belgini ýazypdyrlar. Bular häzirki wagtda mekdepde dürli hasaplama işlerini geçirenimizde ýerine ýetirýän hem-de bize tanyş bolan matematik amallardyr.

Taýýarlan Atajan ATAHANOW,
Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.