Täzelikçi ussat

20 Iýul 2023
1003

Ussat suratkeş, sazanda, şahyr, kinoaktýor, mugallym Bäşim Nuraly türkmen milli sungatyna ägirt uly goşant goşan halypalaryň biridir. Ol türkmen durmuşynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän ajaýyp nakgaşçylyk eserleri bilen bilelikde, daş görnüşi boýunça üýtgeşik saz gurallaryny ýasamakda hem tapawutlanypdyr. Ol aýdym-sazy söýüpdir, dutarda we gyjakda ussatlarça saz çalypdyr. Ol her bir ýasan saz guralyna irginsiz zähmet, yhlas siňdiripdir.

Bäşim Nuraly türkmen milli saz sungatynyň ägirtleri Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Pürli Saryýew, Geldi Ugurlyýew bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Olar täzelikçi ussa hökmünde oňa uly hormat goýupdyrlar. Käte Bäşim Nuralynyň öýüne ýygnanyşyp, onuň ýasan saz gurallarynda saz çalypdyrlar, pikir alşypdyrlar.

Nurgözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.