Küýzeler

20 Iýul 2023
975

Taryhy çeşmeleriň beýan etmegine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanda irki döwürlerden bäri küýzeçilik uly ösüşlere eýe bolupdyr. Küýzegärler gündelik durmuşda ulanylýan dürli görnüşli küýzeleri ýasamak bilen meşgullanypdyrlar. Olaryň elinden çykan küýzeler berkligi we gözegelüwliligi bilen alyslarda-da giňden belli bolupdyr.

Jürdek — suw saklamak üçin ulanylýan ýaýbaň billi, bokurdakly, bir gulply gap. Ony, köplenç, uzak ýere gidilende peýdalanypdyrlar. Gündelik durmuşda onuň dürli görnüşlerine gabat gelinýär.

Haýtgül ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.