Halkymyzyň durmuş ýörelgesi

20 Iýul 2023
627

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek bolsa türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesine, mertebäniň mizan terezisine öwrülendir» diýip, ynsan ömrüni çuň many bilen bezeýän ýagşylyklaryň milli däplerimizdäki ajaýyp aýratynlyklaryny şöhlelendirýär.

Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde uzak geljege gönükdirilen maksatlarymyzyň ýerine ýetirilýän işleriň mysalynda häzirki günlerde hem şöhlelenýändigini nygtamak bilen:  «Haýyr-sahawat gaznasynyň uly geljegi bar»   diýen parasatly sözleriniň durmuş wakalaryndaky mysallaryna bolsa halkymyz bilen birlikde bütin dünýä buýsanýar.

Batyr MÄMEDOW,
Ahal welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.