Magtymguly, syn gerekdir gözele

20 Iýul 2023
1068

Gülleýän, gül açýan ajaýyp zamanamyzda dana, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna degişli dürdäne setirleri öz terligi bilen janyňa melhem bolýar, maňzyňa batýar. Onuň ölmez-ýitmez setirleri şirinligi, dogruçyllygy, belent adamkärçiligi, halallygy, mährem-mähribanlygy bilen kalbyňa çuňdan ornap, seni öz täsin dünýäsine atarýar. Şahyryň «Jan içinde bile bolar ýüregi» diýip ezizleýän gülälek ýaly gelin-gyzlarymyz hakyndaky şirin şygyrlary bolsa olara bolan buýsanjyňy, guwanjyňy goşalandyrýar.

Gurbangül GUZYÇYÝEWA,

Söhbetdeş bolan Jahan ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».