Zenan kalbynyň keşdesi

20 Iýul 2023
1061

Zenan kalbynyň näzikligi, gözelligi onuň eli degen her bir zatda, başyna baran her bir işinde aýdyň şöhlelenýär. «Zenan eliniň degeni bildirýär» diýlen jümläniň il arasynda giňden ýaýramagy hem şonuň bilen düşündirilýär. Beýle bahanyň diňe sünnälik bilen, ýokary derejede hem-de kemsiz ýerine ýetirilen işlere berilýändigini bolsa gündelik durmuşymyzdan bilýäris. Şeýle bolansoň, gönüden-göni zenan elinden döreýän nepis keşdeler hakda hem diňe taryply sözleri aýtmak mümkindir.

Halkymyzda: «Edil keşde çeken ýaly» diýlen aýtgy bar. Ene-mamalarymyzyň galdyryp giden milli mirasynyň arasynda keşdelere aýratyn orun degişlidir. Uly bir halkyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny özünde şöhlelendirip bilýän keşdeler çeper elli zenanlarymyzyň döredijilik başarnyklary, dünýä ýaly giň ýüregi, gözel zenan dünýäsi hakda maglumat berýär. Olary üns bilen synlanyňda, gözellige hormat goýýan türkmen halkynyň millilik ruhuny duýmak bolýar.

Jemal ARSLANOWA,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni.