Asyrlar aşan elbukja

20 Iýul 2023
1413

Gelin-gyzlaryň bezäp tikýän milli işiniň önümi bolan elbukja ir döwürlerde-de, häzir hem durmuşa çykýan gyz we onuň ýakyn hossarlary tarapyndan taýýarlanyp, sowgat edilýär. Gyzyň bagtly, rysgally bolmagy arzuw edilip, yhlas bilen taýýarlanylýan milli egin-eşikler, el işleri hiç bir halkyňka meňzemeýär. Elbukja özboluşly aýratynlygy bilen göze gelüwli görünýär. Nepisligi bolsa, hut gyz näzikligi ýaly, owadan hem gelşikli.

Elbukja salynýan inçe we nepis keşdeler diňe türkmen zenanlarymyzyň eli çeperliginiň, zehininiň önümi bolman, eýsem, olaryň ýürek owazydyr hem.

Ogulbibi TUWAKBAÝEWA,
Türkmenistanyň ýokary kazyýetiniň işgäri.