Gymmatly hazyna

20 Iýul 2023
599

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby, şeýle-de “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitap baý many-mazmuny bilen tapawutlanyp, gyzyklanma eýe bolýar. Munuň şeýledigine täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşanymyzda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Şu günler bu gymmatly kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralary Babadaýhan etrabynyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda işjeň häsiýetde geçýär. Şeýle dabaralary guramakda etrabymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Täze neşirler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda halkymyza bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatlardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň ozalky çap edilen gymmatly eserleriniň üstüni ýetirmegi, dogrusy, ählimizi begendirdi we buýsandyrdy. Bu kitap biz — ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetli gymmatly hazynadyr. Ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherine bagyşlanan “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitap hemmeleriň gyzyklanmasyny artdyrdy. Şatlyga beslenen şanly günlerimizde şeýle ajaýyp kitaplary maňlaýymyza sylmak bagtyna eýe bolandygymyz üçin özümizi juda bagtyýar saýýarys. Ruhubelent halkymyzy baky bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza päk ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.

Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.