Sungata öwrülen nepislik

19 Iýul 2023
704

Edil gül çemenli sähralyklary, lummurdap akýan çeşmeleri, goýny keremli belent daglary, ýene-ýene birnäçe gözellikleri suratlandyrýan keşdeler özüniň gözelligi, nepisligi bilen bu günki gün sungatyň ýokary derejesine çenli baryp ýetdi. Şol keşdeler bolsa diňe türkmen milli lybaslaryny bezemeýärmi, eýsem?!

Hawa, şol çeper gözellik we nepislik — keşdeçilik sungaty birnäçe asyrlardan bäri ösdürilip hem kämilleşdirilip, halkymyzyň milli gymmatlygyna öwrüldi. Köpöwüşginli maddy we ruhy medeni mirasymyzyň ulgamynda şol edep-terbiýe ruhuna birkemsiz ýugrulan gülden görkli keşdeli milli egin-eşiklerimiziň-de uly orny bar.

Maral AGAMYRADOWA.