Ömür menziliniň beýany

18 Iýul 2023
872

Halkymyzyň göwnüni galkyndyran Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisinde «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň çap edilendigini habar berdi. Bu hoş habar agzybir halkymyzy çäksiz begendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň şowhunly dabaralara beslenip açylan günlerinde halk köpçüligine ýetirilmegi halkymyz üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzyň bedew batly ösüşli menzilleri, halkymyzyň agzybirligi hem-de bagtyýar durmuşy, özara halkara gatnaşyklaryň köpugurly görnüşde ösdürilmegi, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagy, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýaş nesliň ählitaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmegi, olary halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek hakynda giňişleýin beýan edilýär. Milli Liderimiz bu kitabynda ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly bilen bagly ýatlamalaryny, syýasy pikir-garaýyşlaryny çeper dilde beýan edýär. Kitaby okap, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de nesilden-nesle geçip gelýän asylly däp-dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize, ýurdumyzda her bir raýatyň bagtyýarlygy üçin gönükdirilen taýsyz tagallalara buýsanjyň has-da artýar.

Mähri ATAMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, Berkararlyk etrap halk maslahatynyň agzasy.