Döredijilik ylhamy

18 Iýul 2023
579

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalara baý bolmagy ulus-ilimiziň buýsanjyny goşalandyrýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk, dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy bolsa, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylar. Şeýle göwün göteriji, köňül joşduryjy günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň, şeýle hem «Arkadag şäheri—geljegiň şäheri» atly täze kitabyň elimize gowuşmagy bagtyýar halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly edebi döredijiliginde halkymyzyň milli ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapyp, «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda geçilen ýollar, ykbal pursatlary durmuş-pelsepewi nukdaýnazardan beýan edilip, çuňňur garaýyşlar öňe sürülýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Elbetde, her bir ynsan öz ömrüni many bilen bezemäge çalyşýar. Men geçilen ýollar, duşuşyklar, ynsan ykballary hakynda kän oýlanýaryn. Täze kitabymda hem, ine, şolar barada pikir ýöretdim. Iş saparlarymdaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklarymy ýakymly ýatlamalar bilen täze kitabymda hem beýan etdim. Durmuş ýoly uzak. Oý-pikirler entegem kän. Şonuň üçin bu kitabyň — «Ömrümiň manysynyň dowamatynyň» hem dowamaty bolar diýip ynandyrýaryn» diýip, parasatlylyk bilen belleýär.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, žurnalist.