Keteni

18 Iýul 2023
794

Ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň iň gadymylarynyň biri-de türkmen milli matalarydyr. Geçmişde mata dokamak türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Dünýäni haýrana goýan şol matalary türkmen gelin-gyzlary ýönekeý agaç gurallaryň kömegi bilen dokapdyr. Olaryň arasynda keteni özüniň reňki, täsin öwüşgini, hiliniň berkligi bilen beýleki matalardan tapawutlanypdyr. Gelin-gyzlarymyzyň milli egin-eşigi bolan keteni gadymylygy bilen bellidir.

Türkmen zenanlarynyň dokan matalary hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýlip, Merwiň ýüpek matalary wasp edilýär. Dünýäde meşhurlyk gazanan keteni Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen uly şäherler bolan Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Halk arasynda keteniniň döreýşi, onuň meşhurlygynyň syry barada şeýle rowaýat hem bar: «Günlerde bir gün lapykeç halda barýan ýigidiň öňünden bir ýaşuly çykyp, onuň halyndan habar alýar. Ýigit ýarawsyz ejesine hiç hili em tapyp bilmeýändigini aýdýar. Şonda ýaşuly ýigide tut agajyna gurçuk goýberip, ýapraklaryndan pile saradyp, onuň ýüpek süýüminden bolsa tebigy ösümlik bolan çöpboýa boýalan gyrmyzy reňkde keteni dokadyp, köýnek geýdirmegi maslahat berýär. Ýaşulynyň maslahatyna eýeren ýigidiň ejesi täsinlik bilen keselinden saplanýar.»

Maral YHLASOWA,
Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.