Jykyr

18 Iýul 2023
868

Ata-babalarymyzdan miras galan gadymy suw desgalarynyň biri-de jykyrdyr. Bu ýönekeý guraly suwuň her damjasyny altyna, zere deňän pederlerimiz ir döwürlerde ýapdan, jardan, derýadan emeli usul bilen suw çykarmak üçin ulanypdyrlar. Onuň uly, tegelek, suwa batyp aýlanýan çarhy bolup, şoňa köp sanly agzy giň küýzejikler berkidilipdir. Çarh aýlananda, onuň aşagyndaky, suwa batyp duran ýerindäki küýzejikler suwdan dolup, ugurdaş salmajyga dökülýär. Gorizontal (ýagny, keseligine) ýagdaýda guralan çarh özüniň dişleri bilen jykyryň wertikal (ýagny, dikligine) ýagdaýda guralan tigriniň dişleriniň arasyna girer ýaly edilip ýasalýar. Dik görnüşdäki çarhyň okuny gözi daňylgy mal, ýagny düýe, at ýa-da eşek aýlapdyr. Şol çarh hem jykyry herekete getiripdir.

Gadymy jykyrlaryň biziň günlerimizde mirashana gymmatlygyna öwrülip galandygyna garamazdan, käbir ýerlerde akar ugurlarynda mellek ýerlerini suwarmak üçin onuň sadaja görnüşleriniň seýregräk-de bolsa ulanylýandygyna gabat gelmek bolýar. Halkymyzyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän söz ummanynda jykyr bilen baglanyşykly sözleriň hem-de, söz düzümleriniň ençemesi bar. Ýeri gelende olaryň käbirleri bilen tanşyp geçsek, ata-babalarymyzdan miras galan bu gadymy suw desgasy bilen has-da oňat tanşarys.

Mähriban GYLYÇDURDYÝEWA,
Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy.