Magtymguly kylsa öwüt...

16 Iýul 2023
492

Halkymyz Magtymguly Pyragyny edebi atasy saýýar, ony pähimiň we çeperçiligiň elýetmez nusgasy hasaplaýar. Dürli milletleriň akyldarlary ynsany biri-birine golaýlaşdyrýan ruhy ýakynlygy möhüm orunda goýup, ony ykrar edipdir. Bizi Magtymguly Pyragy bilen ýakynlaşdyrýan gudratly güýç hem aramyzdaky köpasyrlyk menzile garamazdan, ruhy ýakynlyk bolsa gerek. Döwürleriň özüne mahsus hakykaty bolsa-da, häzirki zaman jemgyýetimiziň, halkymyzyň dünýägaraýşynda watansöýüjilik, adamkärçilik ýaly pikirleriň milli ruhy gymmatlyklarymyzyň naýbaşy hökmünde barha ýokary göterilmegi buýsançlydyr.

Magtymguly Pyragynyň dürli ylymlardan habarly bolandygyny goşgularynyň her setirinde görmek mümkin. Muny onuň dürli medreselerde okap, bilim alandygy hem tassyklaýar. Başlangyç bilimi öz kakasyndan alan şahyryň ilki oba mekdebinde, soňra Halaçdaky Idris baba, Buharadaky Gögeldaş, şeýle-de Hywadaky Şirgazy medreselerinde okap, öz döwrüniň görnükli alymlaryndan tälim almagy ony has-da taplaýar. Ol Nyzamy, Nesimi, Fizuly, Nowaýy ýaly Gündogaryň görnükli şahyrlarynyň eserlerini irginsiz okaýar. Döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişýär. Dünýä pelsepewi pikirlerini ösdürip, çeperçilik aňyny nurlandyrýar. Dünýewi durmuşy çeper şöhlelendirip, ynsan kalbyna inçelik bilen aralaşýar.Şahyryň agzybirlik, bitewülik baradaky şygyrlary üç asyr bäri, ençeme nesilleri halallyk, zähmetsöýerlik, watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ynsan baýlygynyň gözellik lezzetini, eşretini jebislige sazlaşdyryp bilen akyldar:

Hallygözel ŞANAZAROWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň medeni aň-bilim bölüminiň müdiri.